img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi

314

...

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Resmi duşuşygyň barşynda D.Gulmanowa myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işiniň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Mejlisiň Başlygy Ilçi Ýaap Orany Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen, şol sanda Estoniýa bilen, dürli ugurlarda durnukly ösüşe ýetmek maksady bilen öz aragatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ugrukdyrýar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Ýaap Ora türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi, şeýle hem durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyryldy. Maslahatda kanun çykaryjylyk işi we döwlet dolanşygynda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagy ýaly möhüm meselelere garaldy.

Ilçi öz gezeginde Estoniýanyň Türkmenistan bilen syýasy – diplomatik hyzmatdaşlyk, söwda – ykdysady gatnaşyklar, şeýle hem medeni – ynsanpewer özara gatnaşyklar ýaly dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýaap Ora Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy we özara bähbitlilik ýörelgeleriniň giňeldilmegine şeýle hem dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna iki döwletiň arasynda aragatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini nygtady.