img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy Türkmenistan habarlar portaly Link: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/8657

131

...

Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ermenistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar, ulag we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine, şol sanda özara Medeni günleriň, Kino günleriniň we beýleki çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns çekildi.